MILLILIK — MILLETIŇ BUÝSANJY
Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty gadymy el hünärleriniň biridir. Halk arasynda uly söýgä we islege mynasyp bolan keşdeçilik senediniň gözbaşy müňýyllyklara uzaýar. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Gyz-gelinleriň milli el işleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi, keşdeçilik sungaty türkmen zenanlarynyň döreden baýlyklarynyň esasy nusgalarynyň biri hasaplanylýar.