Şahada düzüm-düzüm

3 Iýul 2024
646

Bahar paslynda gülläp, hasyla duran hatar-hatar baglar bu günki gün bol miweleri kemala getirdi. Şahalardaky düzüm-düzüm miweler bagbanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigini görkezýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýetişdirilen hasyly ýygnamak işi guramaçylykly barýar. Netijede, bazarlarymyzdyr dükanlarymyz ir ýetişen erikden, üljeden, şetdalydan, garalydyr çereşnýadan bol. Bahalary-da elýeterli. Şeýle bolçulygy döretmekde türkmen işewürlerine uly orun degişlidir. Olar döwlet tarapyndan bölünip berlen meýdanlarda miweli baglary ösdürýär. Telekeçilerimiz bag nahallaryny Türkiýe, Özbegistan ýaly döwletlerden satyn alýar. «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Kaka etrabynyň çäginde 1200 gektar meýdanda miwe ýetişdirýär. Geçen ýyl paýdarlar jemgyýeti miweleriň dürli görnüşleriniň 600 tonnadan gowragyny ýygnady. Şu ýyl bu sany has-da artdyrmak maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler.

Telekeçi Orazdurdy Amansähedow:

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».