Taryha siňen şekiller

2 Iýul 2024
643

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda geçmiş taryhymyzy, onuň tanymal wekillerini öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär, ösüp gelýän ýaş nesilleriň halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhyny, müňýyllyklara uzaýan nusgawy däp-dessurlarymyzy öwrenmekleri we mynasyp dowam etdirmekleri üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar.

Bu gün Änew medeniýetini öwrenmek ugrundaky tagallalar has-da begendirýär. Gadymy Änew medeniýeti ata-babalarymyzyň türkmen topragynda iňňän gadymy döwürlerde ösen siwilizasiýany döredendigine şaýatlyk edýär. Bu künjek ýurdumyzyň taryhy mekanlarynyň biri bolup, dürli taryhy döwürleri başdan geçirdi. Gadymy Änewde türkmen we daşary ýurtly alymlaryň geçiren ylmy-barlag işleriniň barşynda ençeme taryhy tapyndylar, gymmatlyklar ýüze çykaryldy. Şol tapyndylar Änewiň dünýä taryhynda oturymly ýaşaýşyň, gadymy ekerançylygyň, maldarçylygyň, senetçiligiň dörän Watany hökmünde şöhratlanandygy hakdaky hakykaty dabaralandyrýar.

Selim RASULOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.