San­ly ul­gam bol ha­sy­lyň gi­re­wi­dir

2 Iýul 2024
661

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyz ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ata-baba daýhançylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, häzirki günde ýerleri gurplandyrmak, baýlaşdyrmak, her bir ekilýän ekinlerden bol hasyl almak babatda uly aladalar edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Sanly tehnologiýalara esaslanýan ekin dolandyryş ulgamy oba hojalygyny ösdürmegiň häzirki döwründe önümçilik prosesleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli we ygtybarly önüm öndürmegiň täze ýollaryny we gurallaryny gözlemäge iterýär. Iň oňat tejribe, oba hojalyk önümçiliginiň sanlylaşdyrylmagy onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we pudagy innowasiýa ösüş ýoluna geçirmäge kömek edýär. Sanly tehnologiýalar durnukly agrosenagat toplumynyň emele gelmeginiň, oba ýerleriniň ösmeginiň, topragy gurplandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň açarydyr. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga oba hojalygynda esasy ugurlaryň biri hökmünde seredilýär.

Jahan MIRABOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.