«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024
Ata-babalarymyzyň hem-de ene-mamalarymyzyň uzak taryhyň dowamynda sünnäläp, kämilleşdirip, baýlaşdyryp, biziň günlerimize ýetiren maddy we ruhy medeni gymmatlyklarymyzy dünýä içre dabaralandyrmak, olary sarpalamak, mertebesini belende galdyrmak biziň ählimiziň esasy wezipelerimiziň biridir, watançylyk duýgularymyzyň dabaralanmagydyr. Şu babatda ýurdumyzda ýylyň ýylyna geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen baglanyşykly medeniýet hepdeligi aýratyn ähmiýete eýedir. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň özboluşly toýuna öwrülen bu sene her ýyl täzeçe öwüşginler bilen baýlaşýar. Geçen ýyl bu baýramçylyk günlerinde medeniýetiň, sungatyň, tehnologiýalaryň, ylmyň özboluşly sazlaşygyna, bir ýerdäki bitewüligine öwrülen Arkadag şäheriniň 1-nji tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirilipdi. Bu ýyl bolsa bu şanly toý şol «akylly» şäherde giňden tutuldy.