«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024
Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýyň her bir dänesini yrýa etmän ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak üçin ýaşulularyň ak pata berenine köp wagt geçenok. Şeýle-de bolsa ýerlerde işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde, galla kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň ýüzlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Meýdanlarda bugdaý orujy kombaýnlardyr awtoulaglaryň hereketlerinden çen tutsak, arzyly menziliň uzakda däldigine göz ýetirmek bolýar.