Oba hojalygynda jogapkärli möwsüm bolan galla oragy Sarahs etrabynda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bol hasylly meýdanlarda päk zähmetiň joş alýan günlerinde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gallaçylaryň arasynda bolup, olaryň armalaryny ýetirýärler, öňdebaryjylary höweslendirýärler hem-de zähmet ýeňşine ruhlandyrýarlar.
Etrap boýunça däne ýetişdirilen 22 müň 900 gektaryň aglabasynyň hasyly ýygnalyp, galanlarynda kuwwatly kombaýnlar bökdençsiz işledilýär. Ýygnalan hasylyň dessine kabul ediş nokatlaryna daşalmagy gazanylýar. Gyzgalaňly günlerde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy, meýdandaky dokmaňyz ak bugdaýyň ýitgisiz ýygnalmagy galla harmanynyň barha beýgelmegine getirýär. Bu bolsa gallaçylarymyzy arzyly pellehana barha golaýladýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri bolup, möwsümiň ahyryna çenli gallaçylaryň arasynda höweslendiriş işlerini netijeli alyp bararys.