Häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda çalt we isripsiz ýygnamak üçin etrabymyzda ýörite meýilnama düzüldi. Etrabymyz boýunça 84 sany ýokary öndürijilikli däne ýygnaýjy kombaýnlar öz işine ussat mehanizatorlar hem-de tehniki hyzmat ediji kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, doly taýýar edildi. Etrabymyz boýunça 35 müň gektar ýere bugdaý ekilip, şondan 63 müň 200 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.
Etrabymyzyň ähli daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, kärendeçiler toparlarynda galla oragy möwsümine girişildi. Etrabyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksatbek Döwletow özüniň maşgala agzalary bilen 10 gektar ýeri kärendesine alyp, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen, her gektardan 50 sentner hasyl öndürip, 50 tonna guşgursak dänäni döwlet harmanyna tabşyryp, meýilnamany artykmajy bilen berjaý etdi.