«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22 — 27-nji iýun aralygynda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen halkynyň gadymy geçmişinden miras galan milli ýörelgeleri bilen şu günüň gymmatlyklaryny şöhlelendirýän medeni çärelere, baýramçylyk şowhunlaryna beslenýär. Bu baýram milletiň taryhy-medeni mirasyna goýulýan beýik sarpanyň nyşany bolup, ol Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Bu ýyl bu döredijilik baýramy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň şanyna ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilýär.