Sahnada — «Magtymguly» operasy

25 Iýun 2024
616

Ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» operasynyň görkezilişi boldy. Oňa ýazyjy-şahyrlar, artistler, bagşydyr sazandalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki köp sanly tomaşaçylar gatnaşdylar. Opera Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýnazar Batyrow režissýorlyk etdi. Beýik söz ussadymyzyň keşbiniň opera sungatynyň üsti bilen janlandyran sahna eseri myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dowam edýän Medeniýet hepdeligi akyldar şahyrymyzyň döredijiligi bilen berk baglanyşyp, şahyryň şygyrlary dabaralaryň many-mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa halkymyzyň akyldar şahyryna goýýan çäksiz sarpasynyň ýene bir gezek aýdyň ýüze çykmasydyr. «Magtymguly» operasynyň dowamynda söz ussadynyň Şirgazy medresesinde okan döwürleri, ol ýerde okuwyny tamamlap dogduk mekanyna dolanyşy, Meňli bilen duşuşýan pursatlary ussatlyk bilen beýan edilýär. Operada: «Magtymguly gelýär, buşluk! Gözüň aýdyň, Döwletmämmet Garry molla!» diýen sözleriň ýaňlanan pursady şahyryň obadaşlarynyň oňa sabyrsyzlyk bilen garaşandyklary janlandyrylýar. Magtymgulynyň Hywa hanynyň köşge çakylygyny kabul etmän, öz ýurduna dolanmagy akyldar şahyrymyzyň Watany dünýädäki barlyklaryň seresi hasap edendigini ýene bir gezek aýdyň görkezmek bilen, tomaşaçylary tolgundyran pursatlaryň biri boldy.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».