Zähmetkeşleriň armaçylary

22 Iýun 2024
849

Galla oragy möwsüminiň ilkinji günlerinden zähmetkeşleriň arasynda medeni-dynç alyş çärelerini guramak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň çäklerindäki meýdan düşelgelerinde guralýan medeni-dynç alyş dabaralary bu babatda aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde geçirilen dabara gallaçylarda egsilmez şatlyk duýgusyny döredip, olary zähmet üstünligine galkyndyrdy.

Etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran medeni-dynç alyş dabarasy saz-söhbede beslendi. Jogapkärli möwsüme gatnaşýan gallaçylary has gujurly, yhlasly işe, ajaýyp zähmet üstünligine ruhlandyrmakda, orak möwsümini çalt we ýitgisiz geçirmekde örän ähmiýetli bolan dabaranyň barşynda ýaňlanan belent owazly aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda, halk döredijilik çykyşlarynda Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň, ajaýyp döwrümiziň, päk zähmetiň waspy öz beýanyny tapdy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.