Halkymyzyň saçaklarynyň berekedi guşgursak ak bugdaýyň ýekeje dänesini hem isrip etmän ýygnamak, ony ýangyn howpundan gorap saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlara öz maslahatlary bilen ýüzlenýär.
Oba hojalyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary hasyl ýygymyna gatnaşýan tehnikalaryň sürüjileriniň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edişine gözegçilik etmek üçin jogapkär işgärleri bellemelidirler. Jogapkär wekiller bolsa kadalary pugta berjaý etmek babatda gözükdiriş-düşündiriş işlerini geçirmelidirler. Tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriji, olaryň tüsse çykarýan abzallary bolsa uçgun söndüriji enjamlar bilen üpjün edilmelidir. Tehnikalaryň sürtülýän we çendenaşa gyzýan ýerlerine düşen saman-sypallar öz wagtynda arassalanmalydyr. Däne harmanlary jaýlardan, desgalardan azyndan 50 metr, bugdaý meýdanlaryndan 100 metr aradaşlykda ýerleşdirilmelidir. Harman üçin bellenen ýerler ot-çöplerden arassalanyp, ýangyna garşy araçäk hökmünde ini 4 metr sürlen ýer goýulmalydyr.