Meýdan düşelgesindäki dabara

20 Iýun 2024
769

Sarahs etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medenýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň “Bereket” daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçilik toparynyň meýdan düşelgesinde zähmet adamlaryny zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmak, häzirki jogapkärli möwsümi çalt, ýitgisiz alyp barmak we gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi.

Gallaçy kärendeçileriň, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň hem-de kombaýnçylaryň gatnaşmagynda bolan dabarada dili senaly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, gallaçylara möwsümi guramaçylykly alyp barmak we ajaýyp zähmet üstünligini gazanmak bilen bagly ýagşy arzuwlaryny aýtdylar. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Milli ruha beslenen aýdym-sazlarda zähmet adamlaryň waspy eriş-argaç bolup geçdi.

Süleýman MUHAMMETGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň başlygy.