Ösüşler bilen gurşalan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da döwletimiziň gazanýan üstünlikleri «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmalydyrys» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan beýik maksatlaryna daýanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, rowaç menzillerde ynamly ädimler ädilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamyna-da uly üns berlip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, sungatymyzy düýpli öwrenmek, ony geljekki nesiller üçin gorap saklamak döwrümiziň medeni syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.