Her bir halkyň milli medeniýeti onuň ýüzüni görkezýän, beýleki medeniýetlerden tapawutlandyrýan aýratynlygydyr. Medeniýet jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup, adamlara egsilmez ruhy daýanç, durmuşa bolan çuňňur söýgi döredýän gudratly güýje eýedir. Şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip, milli medeniýetimize jaýdar kesgitleme berýär.
Bilşimiz ýaly, her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimize berýän çuňňur üns-aladalary netijesinde 2013-nji ýylda başy başlanan bu medeni dabaranyň maksady halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga, içgin öwrenmäge, giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga we halkyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.