Ussat halypanyň sarpasy

18 Iýun 2024
742

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde jemgyýetimizde medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp, geljekki nesillere ýetirilmegine uly üns berilýär. Halkymyzyň uzak taryhynyň akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr sazlara uly ornuň degişlidigine kämil derejede döredilen mukamlarymyz hem doly şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ata Watanymyzda aýdym-saz sungatyna diýseň uly sarpa goýulýar. Milli medeniýetimiziň taryhy gelip çykyşy, onuň ösüş ýoly dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda hem giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary bolsa bu günki günde sungata höwesli ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelgedir.

Pirmuhammet ÝALMANOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy.