Şöhratly sungatyň taryhyndan

17 Iýun 2024
661

XIX asyr adamzada oýlap tapyjylygyň täsin miwesini — grammafon plastinkasyny peşgeş berdi. Nemes inženeri Emil Berlineriň oýlap tapan guraly häzirem saz öwrenijiler, etnograflar üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu guralyň türkmen saz sungatynyň taryhy ösüşine we saz mirasynyň aýawly saklanylmagyna hem goşandy az bolmandyr.

Astrahandaky sazçylyk gimnaziýasynyň mugallymy I.Dobrowolski 1817-nji ýylda «Aziýa saz žurnaly» («Азиатский музыкальный журнал») atly neşirde ençeme halklaryň, şol sanda türkmen bagşylarynyň aýdym-sazlary barada makala ýerleşdiripdir.

Salyh JUMALY OGLY,
Taryh ylymlarynyň kandidaty, professor.