Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ruhy başga, mazmuny üýtgeşik, gymmaty tapawutly. Çünki bu ýyl edilen her bir işde, her bir hereketde, aýdylan sözde beýik şahyrymyzyň paýy bar. Dogrusyny aýtsak, biziň bu ýylymyz 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda iş saparyny amala aşyran, paýtagtymyzyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanşan hem şol ýerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny okap beren pursadyndan başlady diýsek, ýalňyş bolmaz. Her bir işde öňdengörüjilik ukyby bilen geljegi görüp bilýän Gahryman Arkadagymyz şol ýerde, şol pursatda geljek ýylyň adyny, ruhuny, mazmunyny hem belentligini kesgitläp bildi.
Gahryman Arkadagymyzyň okap beren şygry şahyra bagyşlanyp, 300 ýylyň dowamynda döredilen ähli eserleriň naýbaşysy, iň ajaýyby boldy. Eser Magtymguly Pyragynyň derejesine laýyk geldi. Çünki Pyragy ýaly belent şahsyýetlere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly beýik ynsanlar doly we dogry düşünýärler hem düşündirip bilýärler.