Islendik halkyň medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösüşi belli-belli şahsyýetleriň atlary bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen aýdym-saz sungaty barada gürrüň açylanda, Mahmyt Aryk, Peýda tüýdükçi, Annaguly Sary, Agajan tüýdükçi, Soltan tüýdükçi, Ýazmuhammet Köse ýaly ussat tüýdükçileriň atlary hem ýatlanylýar. Ajaýyp sazlary bilen halkymyzyň kalbynda orun alan ussatlaryň biri-de tüýdükçi Baky Maşakowdyr.
Ýodalar ýola goşulyp, sungat dowam edýär. Gargy tüýdügiň agrasdan gelen mylaýym, süýji owazy bilen ýyllaryň dowamynda türkmen sährasynyň görküne görk goşup gelen halypa sazanda Ýazmuhammet Köse-de pederleriň ýoluna ygrarlydygyny subut edip, geljekde adyny türkmen saz sungatynyň taryhyna hemişelik ýazjak şägirdini Baky Maşakowy ýetişdirýär.