Koreý toý dessurlary

13 Iýun 2024
727

Koreý milli toý dessurlary XIV asyrda — Çoson eýýamynda durmuşa ornaşdyrylan düzgünlerden gözbaş alýar. Ol döwürler durmuşyň ähli ulgamlary kanun tarapyndan düzgünleşdirilipdir.

Gudaçylyk dessurynyň — çençi dabarasynyň geçiriljek güni sawçylyga, adatça oglanyň kakasy, daýylary dürli naz-nygmatlary, gymmatbaha sowgatlary alyp barýarlar. Çençi dabarasynda sähet alynýar, toýa geljek myhmanlaryň sany, çykdajy meseleleri maslahatlaşylýar. Toýuň başlangyjy saýylýan bu dabaradan soň ýaşlar är-aýal hasaplanylýar. Muňa garamazdan, öňler taýýarlygy bir ýyla golaý dowam edip bilýän nika toýuna çenli ýaşlar birek-biregi görmändirler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Serwi PYGAMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.