Beýiklige sarpa

13 Iýun 2024
610

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň kanun esasynda berkidilmegi ony geljekki nesillere ýetirmegiň ygtybarly kepilidir

Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyny ösdürmek we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda: «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir» diýlip beýan edilýär. Ýurdumyzda bu ulgama degişli Esasy Kanunymyzyň ýörelgelerinden ugur alýan birnäçe kanunlarymyz hereket edýär. Ýagny, «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda»,  «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Kinematografiýa hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary bolup, olar döwre görä yzygiderli kämilleşdirilýär.

Çemen AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.