Medeniýet toplumynyň binasy

12 Iýun 2024
400

Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumynyň binasy şäher häkimliginiň çep ganatynda ýerleşýär. Bäş gatdan ybarat bolan binanyň birinji gatynda «Arkadag» teleýaýlymy, ikinji gatynda «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy, üçünji gatynda Arkadag şäheriniň Bilim müdirligi, dördünji we bäşinji gatlarynda bolsa Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi ýerleşýär.

Binanyň iş otaglary netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri özünde jemleýär.Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döredijilik toparlaryny we birleşiklerini goldamak, kämilleşdirmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň medeni-taryhy mirasyny goramak we kämilleşdirmek, ilatyň medeniýetli dynç alşyny guramak we medeni derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet ähmiýetli işleriniň aýdyň beýanydyr.

Serdar ATAÝEW.
«Arkadag».