Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetýär. Şol bir wagtda ylym äleminde hem uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym ulgamyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanan alymlarymyz täze ylmy garaýyşlary, inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologiýalary ugrundan açyşlary bilen çykyş edýärler. Ylym ulgamynda hem halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerilip, ýaş nesillere giň ýol açylýar.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady we senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda ylym ulgamynyň orny uludyr. Döwletimiz tarapyndan ylmyň ösdürilmegi üçin iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň ylmy kuwwaty günsaýyn pugtalandyrylýar, ylmy-barlag işleriniň düzümi çuňlaşdyrylýar we ähmiýeti artdyrylýar.