Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Narendra Modä Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň Halk partiýasynyň ýeňiş gazanmagy we onuň Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz hatynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny we döwletara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.