5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi we köp sanly myhmanlar ýygnandy.