Watansöýüjiligiň, agzybirligiň waspçysy

7 Iýun 2024
579

Dost-doganlygyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, döredijilikli gülläp ösüşleriň mekany bolan eziz ýurdumyzda bütin dünýäde giňden tanalýan Magtymguly Pyragynyň mertebesi belent tutulýar. Çünki Gündogar edebiýatynyň görnükli söz ussady Magtymguly öz eserlerinde agzybirligi, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi öňe süren, ynsanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny arzuw eden şahyrdyr. Berkarar döwletimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem halkara derejesinde şahyryň nusgalyk eserlerini çuňňur öwrenmek bilen baglanyşykly köp işler alnyp barylýar.

TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip, yglan edildi. Şeýle-de ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda ÝUNESKO-nyň Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy «Dünýä ýatlamasy» halkara sanawyna goşulandygyny belläp geçmek gerek. Munuň özi türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen şahyryň halkara derejesinde at-abraýynyň has-da ýokarlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

«Saglyk».