Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda häkimligiň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen «Magtymguly» atly täze kitabyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professorlary, mugallymlary, medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Gündogaryň şygyr dünýäsinde öçmejek yz galdyran MagtymgulyPyragy türkmen edebiýatyny has-da baýlaşdyran şahyrdyr. Şahyryň dür dänesine öwrülen şygyr setirleri umumadamzadyň ruhy baýlygydyr. Ol adamlaryň pähim-paýhasyny, ukyp-başarnygyny, ynsanperwerligini, zähmetsöýerligini, adamkärçiligini gözelligiň ýokary derejesi hasaplapdyr. Akyldar şahyrymyz gymmatly edebi mirasy bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir.«Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykmagy, meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynadygyny äşgär edýär. Aýdym-sazly dabarada çykyş edenler bular dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabarada şahyryň goşgularyna döredilen aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan beýik işler üçin köp sagbolsun aýtdylar.