Bahtiýar külalçynyň gyzy Habiba ata kesbiniň diňe ogla däl, gyza-da halaldygyny subut etdi. Ol çagalykdan kakasynyň ýanynda bolup, bu gadymy senediň inçe tärlerini birkemsiz öwrendi. Habiba ilki surat çekip başlady. Surata ökdelänsoň, kakasynyň ýasaýan keramiki gap-gaçlaryny owadan nagyşlar bilen bezäp çykdy. Palçykdan türkmen halk ertekileriniň, multfilmleriň gahrymanlarynyň şekillerini ýasap başlanda halypasy, külalçylyk senediniň ussady Bahtiýar Hojaniýazow gyzynyň bu käre ýüregi bilen berlip, çyn yhlas edýändigini duýdy.
Habiba ilkinji gezek zenan heýkelini ýasaýşy barada şeýle gürrüň berdi: