Ýurdumyzyň senagatyny zerur çig mallar bilen üpjün etmekde daýhanlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olaryň yhlasly zähmetleriniň, birleşen tagallalarynyň netijesinde ýylyň-ýylyna gowaçanyň hem bereketli hasyly ýygnalyp alynýar. Bu il-ýurt bähbitli işde hususy ýer eýeleriniň mynasyp paýy bar.
Hormatly Prezidentimiziň ilhalar çözgüdine laýyklykda olara uzakmöhletleýin ýer bölekleri berildi. Şeýle çemeleşme daýhanlaryň ene topraga hyzmat etmäge, ondan bol hasyl almaga bolan höweslerini düýpli artdyrdy. Şeýle daýhanlaryň biri-de Myrat Seýidowdyr. Ol Hojambaz etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň çäginde özüne berlen ekin meýdanynda dürli ekinleri ösdürip ýetişdirip, oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýar. Janypkeş ýer eýesiniň şu ýylky tutumy has-da uly. Ol geçen baharda 30 gektar meýdana gowaça ekdi. Ýerleriň ekişe agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýar edilmegi, ekişiň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde topraga atylan her bir tohum hatasyz gögerdi. Häzirki günlerde daýhan köp wagtyny gowaçalary ýekelemäge, haşal otlardan arassalamaga, ekinleriň hatar aralaryny bejermäge we mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge sarp edýär.