Türkmen döwlet teleradiosynyň halk saz gurallary ansambly Pürli Saryýewyň ýolbaşçylygynda. 1962 ý.
Çepden saga, birinji hatarda: Giçgeldi Amanow, Hangeldi Annamyradow, Pürli Saryýew, Tugur Berdinyýazow, Dörtguly Durdyýew; ikinji hatarda: Kiçi Geldimyradow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Geldi Ugurlyýew, Garýagdy Alyýew.
Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Türkmen sungatynyň ösüşinde öz aýdym we saz eserlerini halkyň ruhunda döreden bagşy-sazandalaryň tutýan orny uludyr. Halk arasynda bu bagşylar we sazandalar «mukamçy» diýen ada eýe boldular. XX asyryň 30-njy ýyllarynda Täçmämmet Suhangulyýew, Pürli Saryýew we Sahy Jepbarow tarapyndan başlanan bu däp soňra Geldi Ugurlyýew, Durdy Saparow, Tugur Berdinyýazow, Çary Täçmämmedow, Ata Ablyýew, Dörtguly Durdyýew, Döwletgeldi Ökdirow, Hangeldi Annamyradow, Jepbar Hansähedow, Ýagmyr Nurgeldiýew tarapyndan üstünlikli dowam etdirildi» diýip belleýär.