«Aşgabadyň» joşguny

30 Maý 2024
881

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik topary ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklara, festiwallara, daşary döwletlerde geçirilýän Medeniýet günlerine işjeň gatnaşýar. «Aşgabat» döredijilik topary 2008-nji ýylyň 20-nji iýunynda döredildi. 2009-njy ýylyň 28-nji dekabrynda durky täzelenip ulanylmaga berlen «Watan» kinokonsert merkezinde «Aşgabat» orkestri, tans topary üçin işlemäge, aýdymçylar üçin ses ýazgylaryny etmäge ähli mümkinçilikler döredilendir.

2011-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Aşgabat» orkestrine Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Töre Orazgeldiýew ýolbaşçylyk edýär. Ol «Mähriban», «Pyragy», «Bagtyýarlyk nagşy» ýaly sazlary döretdi, şeýle hem türkmen halk sazlary «Dag arman», «Neýläýin», «Bady-sabany görsem», «Ýar-ýar», «Balsaýat» ýaly eserleri täzeden işläp, konsertlerde, medeni-köpçülikleýin çärelerinde orkestr bilen bilelikde ýerine ýetirýär.

Suhanberdi BEGENJOW,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň başlygy.