Gadymy Änew medeniýeti halkymyzyň taryhyny we medeniýetiniň özboluşlylygyny öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki gadymy şäherde irki döwürlerde ekerançylygam, binagärligem, medeniýetem gülläp ösüpdir. Muňa taryhy tapyndylar şaýatlyk edýär. Ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen, öküziň, atyň, düýäniň we beýleki ýabany haýwanlaryň eldekileşdirilen mekany bolandygy baradaky maglumatlar, XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin metjidiniň binagärlik aýratynlyklary munuň subutnamasydyr. Şäheriň «Änew medeniýeti» ady bilen meşhur bolan şöhratly taryhy dünýäniň belli alymlarynyň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni özüne çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby gadymy şäheriň geçmişi hem-de uly ösüşleri başdan geçirýän häzirki günleri baradaky gyzykly gürrüňleri, baý maglumatlary özünde jemleýär. Bu ajaýyp kitap müňýyllyklaryň owazy bolup, kalbyňda ýer edýär, şanly taryhymyza, ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna buýsanç döredýär.
Hormatly Prezidentimiz ajaýyp kitabynda: «2024-nji ýylda Änew şäheri — «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty». 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly. Bu şanly wakalaryň gerimi giňden tutulýar. Bu başlangyçlar täze gözýetimleri açar, täze maksatlara badalga berer. Pähim-paýhasyň ebediligini taryhyň mysalynda ýene bir gezek dabaralandyrar, ony dünýä ýaýar» diýip belläp geçýär. Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýyl taryhy wakalara örän baý. Şanly wakalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan berkarar ýurdumyzyň hem-de taryhy şöhratly halkymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrar.