Taryhymyzy, medeniýetimizi wagyz edýäris

29 Maý 2024
722

Biz döretmäge, gurmaga ähli şert-mümkinçilikler bolan ajaýyp döwürde ýaşaýarys. Merdana ata-babalarymyz hem taryhyň dowamynda dünýäniň çar künjeginde ençeme döwletleri gurupdyr. Dilini, dinini, ahlak gymmatlyklaryny yzygiderli kämilleşdiripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Diýarymyzyň üstünden alys illere kerwenler geçip, şolar bilen söwda-satyk işleri üçin giden ildeşlerimiz uzak ýurtlardaky milletleriň medeniýetini öwrenipdirler. Şonuň bilen birlikde, öz medeniýetimizem dünýä ýaýylypdyr. Elbetde, şunda kitaplaryň we kitaphanalaryň orny hem ýokary bolupdyr. Şöhratly geçmişimizi, pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryny, taryhymyzy içgin öwrenmekde kitaphanalaryň hyzmaty hemişe-de zerurdyr.

Biz — kitaphana işgärleri şöhratly taryhymyzy, ata-babalarymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny wagyz etmekde tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Wagyz işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet-galamyndan çykan ajaýyp eserleri esasy gollanmalarymyz bolup durýar. Kitaphanamyzyň okyjylary bilen duşuşyklary hem yzygiderli geçirýäris. Okyjylarymyzyň aglaba bölegi bolsa ýaşlar bolup, şeýle çäreler olarda uly täsirleri galdyrýar.

Hallybibi Weliýewa,
Türkmenbaşy şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.