Hoş owazlar ýaňlandy

28 Maý 2024
373

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Konsert mekdebiň gyzlar hor toparynyň şahyr G.Ezizowyň sözlerine, kompozitor N.Halmämmedowyň sazyna döredilen «Uçuň, durnalar» atly aýdymy bilen açyldy. Soňra üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary ansambly kompozitor D.Hydyrowyň «Elwan güller», kompozitor A.Mätiýewiň «Serhetçiler marşy» atly sazlary bilen dowam etdi.

Skripkaçylar topary bolsa, rus kompozitory N.А.Rimskiý-Korsakowyň «Şahrizada» atly sazyny çaldylar. Mekdebiň aýdym aýtmak sungaty bölüminiň 2-nji ýyl talyby Muhammet Şamyradow halk aýdymy «Göwnüm seni», halk saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Saparmyrat Ataýew Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Uýat eýleýir», «Armanym galdy» atly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Bagtygül ORAZGYLYJOWA,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.