Halypa hatyrasy

28 Maý 2024
955

Golaýda Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýewiň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada halypanyň ogly, dessançy bagşy Otuz Mätgeldiýew öz kakasynyň durmuş we sungat ýoly barada gürrüň berip, onuň şu mekdepde zähmet çekip, birnäçe şägirtleri ýetişdirendigini buýsanç bilen belledi. Mekdebiň halypa mugallymlaryndan we okuwçylaryndan düzülen bagşylar topary türkmen halk aýdymlaryny, dessanlardan bölekleri ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, dabarada halypa bagşynyň aýdan aýdymlarynyň ýazgylary eşitdirildi.

Ýelena HALIMOWA,
Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.