Güneşli ülkäniň gözellikleri

27 Maý 2024
1119

Ynsanyň durmuşyny tebigatdan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Sebäbi biziň daş-töweregimizi gurşap alýan hem-de gündelik zerurlyklarymyzy üpjün edýän närseleriň ählisi tebigatdan gözbaş alýar. Adamyň durmuş işjeňliginiň artmagy hem-de howanyň üýtgemegi netijesinde tebigaty, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak wezipesi ör-boýuna galýar.

Gözel tebigatymyzy goramak we geljekki nesillere ýetirmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Güneşli Diýarymyz biologik köpdürlüligiň görnüşleriniň dörän merkezleriniň biri hasaplanýar. Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşýän ýurdumyzyň ýiti kontinental, gurak klimatly howa şertleri ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy köpdürlüliginiň emele gelmegine täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat. Şol görnüşleriň 7 müňden gowragy ösümlikler, 13 müňe golaýy bolsa haýwanlardyr. Ýurdumyzyň florasynda duş gelýän ösümlikleriň 2 müňden gowrak görnüşi Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikler hökmünde beýan edilýär. Milli Liderimiziň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran düýpli ylmy gözlegleriniň netijesi bolan bu neşir ýurdumyzyň gymmatly ösümlik dünýäsini içgin öwrenmäge ýardam edýän, hususan-da, farmakologiýa ylmynyň ösmegine uly goşant goşýan gymmatly gollanmadyr.

Şirin HANOWA,
«Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşiginiň söwda üpjünçilik bölüminiň esasy hünärmeni.