Lebap welaýaty Türkmenistanyň köp syýahatçylyk mümkinçiliklerini özünde jemleýän Gündogar sebiti bolup, bu ýerde gadymy taryhy-arhitektura ýadygärliklerinden başga-da, Köýtendag, Amyderýa we Repetek döwlet tebigy goraghanalary ýerleşýär.
Köýtendag güneşli Diýarymyzyň günorta-gündogarynda, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Ol Gissar dag gerişleriniň günorta-günbatarynda 85 — 100 kilometre çenli uzaýar, ini bolsa 25 — 30 kilometre ýetýär. Bu ýerde köp sanly gowaklar, Hojapil obasynyň golaýynda 1 müň 300 — 1 müň 600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň daşyň ýüzünde galan aýak yzlary, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbar dere şaglawugy, gowakdaky köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, Gaýnarbaba mineral çeşmesi, «Kyrk gyz» deresi, Köýten obasyndaky çynarlar, Arnap jeňňelligi we beýleki täsinlikler bar.