Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň möhüm bölegi bolan maşgalanyň ruhy we maddy binýadyny berkitmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman obalar, şäherler, döwrebap ýaşaýyş toplumlary gurlup, ýaş maşgalalara uzak möhletli ýeňillikli karzlar bilen ýaşaýyş jaýyny edinmäge döredilýän giň mümkinçilikler maşgalanyň maddy binýadyny berkidýär. Bu bolsa, öz gezeginde, maşgala gymmatlyklaryndaky milli ýörelgelerimizi goramak bilen birlikde, ony döwrebap milli öwüşginler bilen baýlaşdyrýar.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Maşgala ojagynda berlen terbiýäniň perzendiň tutuş geljegine täsir edip bilýändigi hakykatdyr. Gül-gunçaly bagtyýarlygyň ilkinji gämikleri öýde — maşgala ojagynda peýda bolýar. Dogry-dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär» diýip bellemek bilen, döwletiň sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesine juda jogapkärli çemeleşmegimiziň wajypdygyny nesihat edýär. Alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, geljekde biz öz ýaşlarymyzy nähili keşpde, orunda, mertebede görmek isleýän bolsak, olara şu wagtdan şol terbiýäni bermegimiz zerurdyr.