Pederlerimiz maşgalanyň binýadynyň berkden tutulyp, täze maşgalanyň döwletli ojagynda edepli, paýhasly perzentleriň kemala gelmegine aýratyn üns beripdirler. Bu ýolda mähriban eneleriň ogul-gyz ösdürip ýetişdirmekde nusgalyk ýol goýandyklaryny diýsene! «Maşgalam — baş galam», «Gyzly öýe rehnet ýagar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Gyz — gylygy bilen, ogul — edebi bilen» diýen pähimli sözler maşgala edebiniň togaby bolup görünýär. Häzirki wagtda maşgala bilen mekdebiň ýakynlygy esasynda edepli perzendiň, eli hünärli ogul-gyzlaryň kemala gelmeginde bu kadalar has-da kämilleşýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde Medeni usulyýet merkezi hereket edýär. Ýörite hünärmenler halkymyzyň ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny öwrenmek, toplamak, wagyz etmek hem-de olary baýlaşdyrmak babatda uly işleri alyp barýarlar. Durmuş gurýan ýaşlar we «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň hünär taýýarlygy okuwlarynyň diňleýjileri bilen guralýan söhbetdeşlikler maşgala gymmatlyklary, edep-terbiýe, däp-dessurlar ýaly derwaýys meselelere bagyşlanýar. Maşgala sagdyn bolanda, jemgyýet ösýär, özgerýär, Watana wepaly perzentler ýetişýär. Durmuş gurýan ýaşlar bilen duşuşyklarda mähriban eneleriň öwüt-ündewlerine, maslahatlaryna giň orun berilýär. Medeni usulyýet merkezimiziň hünärmenleri tarapyndan ýaşlara milli däp-dessurlarymyzyň many-mazmun aýratynlyklaryny düşündirmek, asyrlaryň dowamynda kämilleşen maşgala edebinde gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň eýeleýän orny barada maslahatlar bermek, durmuş wakalarynyň üsti bilen ýüze çykýan käbir meselelere ýüzleý garamaly däldigi barada düşündirmek işleri alnyp barylýar.