Atçylyk: ylym — gel­je­ge ynam

30 Aprel 2024
1075

Arkadag şäheriniň merkezinden geçýän şaýol gaýduwsyz Keýmir serdaryň adyny göterýär. Ýolboýy şäheriň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasy, Ruhyýet köşgi, Döwlet arhiwi, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi ýaly edara binalarynyň duşundan geçip gidýärsiň. Bu şaýol Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine getirýär.

Merkeziň baş binasy sekizburçluk keşbi bilen uzaklardan lowurdaýar. Ýüzüni daga tutup oturan 7 gatly binany arkalap uzaýan aýlaw nal şekili oňa gelşik berýär. Nalyň nyşany — şäherdäki atçylyga degişli desgalaryň aýrylmaz bölegi. Binalar öz keşbi bilen ondaky kesplerden gürrüň açýar. Ylmy-önümçilik merkezi iki sany ajaýyp binanyň arasynda ýerleşýär. Gündogarynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, günbatarynda bolsa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy şähere gözellik berýär.

Guwanç MÄMIÝEW,
«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.