Atçylygyň ylmy-önümçilik merkezi

28 Aprel 2024
1269

Arkadag şäheriniň döredilmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy. Bu ajaýyp şäheriň aýratynlyklarynyň biri hem onuň ahalteke bedewleriniň merkezine öwrülmegidir.

Şu günki gün bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, şeýle hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hereket edýär. Bu hem Arkadag şäheriniň diňe Türkmenistanda ýa-da sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara atçylygyň merkezine öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Milli atçylygy ösdürmek babatda yzygiderli amala aşyrylýan işler, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň baýlygyny — ahalteke bedewini geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär.

Döwrangylyç PURRYÝEW,
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň direktory.