Gadymy Amul — taryhyň şöhratly sahypasy

26 Aprel 2024
945

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli 25-26-njy aprelde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi munuň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Bu halkara forum hormatly Prezidentimiziň goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara hyzmatdaşlygyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň beýany bolup, ol ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda guraldy.

Bahar HUDAÝBERDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.