Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, kämil hünärmenleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, okatmagyň häzirki zaman usullary giňden ulanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümiz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýän, röwşen geljegimiziň berk binýadynyň goýulýan zamanasydyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, syýasatda, medeniýet, sport, ylym, bilim hem-de beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde mynasyp beýanyny tapýar. Milli bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň hemişe üns berýän hem-de üstünliklere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Halkymyzyň eşretli durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşiniň gözbaşy ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegindedir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda sazlaşykly alnyp barylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň berk binýady bolup durýar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ylmyň ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş we ynsanperwer ulgamyny sanlylaşdyrmaga ugur alyndy, ähli ýerde häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri,