Merw we Beýik Ýüpek ýoly

19 Aprel 2024
955

Halklaryň arasyndaky ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň uly bolandygyny taryhy, ylmy çeşmeler tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä ýurtlarynyň ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryny ösdürmekdäki hyzmatyna şeýle baha berýär: «Özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi şonda jemlenendir, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni, daýanç kökleri hem şondadyr».

Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýurtlarynda täze-täze medeniýetler döräp, şol halkyň ýaşaýyş medeniýetine pugta ornaşypdyr. Şeýle medeniýet, döwrüň geçmegi bilen, milletiň maddy we ruhy gymmatlygyna öwrülipdir.

Gözel MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.