Saglygymyz — baş baýlygymyz

17 Aprel 2024
684

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, amala aşyrylýan saglygy goraýyş babatdaky işleriň hatarynda keselleriň öňüni alyş, ýokanç keselleri düýbünden ýok etmek boýunça geçirilýän möhüm çäreler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Şol tutumly işleriň hatarynda biziň ýurdumyz 2007-nji ýyldan bäri Bütindünýä immunizasiýa hepdeligine işjeň gatnaşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň oňyn özgertmeleriniň biridir. Türkmenistanda ýokanç kesellere garşy immuno-öňüni alyş işleriniň guralyşy boýunça düzgünleri we kadalary Bütindünýä immunizasiýa syýasatynyň esasynda işlenilip düzüldi. Şol düzgünler boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş immunizasiýasynyň giňişleýin maksatnamasynyň talaplary we Türkmenistanda hereket edýän immuno-öňüni alyş ulgamynyň hem-de ýokanç keselleriň ýagdaýy, ulanylýan waksinalaryň netijeliligini we howpsuzlygyny gazanmak göz öňünde tutulýar.

Tutuş dünýäde bellenilip geçilýän Immunizasiýa hepdeligi ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň ahyrynda ýokary derejede guralýar. Şeýle köpçülikleýin immuno-öňüni alyş işleri örän möhüm çäredir. Ol ýokanç keseliň öňüni almak, şol bir wagtyň özünde kesele garşy immuniteti döretmek diýmekdir. Şonuň üçinem her bir çaga maslahat berilýän sanjym çäreleriniň doly toplumyny wagtly-wagtynda, doly we kadaly ýagdaýda almalydyr. Körpejeleriň ýaşlykdan howply kesellerden goralmagy üçin geçirilýän öňüni alyş sanjymlaryny almak dogrusynda lukmanlaryň maslahatlary pugta berjaý edilmelidir.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.