Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň finalynda «Atletik Bilbao» bilen «Malýorka» toparlary duşuşdy. Sewilýa şäherindäki «La Kartuha» stadionynda geçirilen finalda ilkinji bolup, hasaby «Malýorka» topary açdy. Oýnuň 21-nji minutynda Daniel Rodrigesiň goly bilen «Malýorka» 1–0 öňe saýlandy. Şondan soň hüjümleriniň sanyny hasam artdyran «Atletik» toparyna 1-nji ýarymda hasaby deňlemek başartmady. Niko Williamsyň geçiren goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady.
2-nji ýaryma gol bilen başlan «Atletik Bilbao» topary 50-nji minutda Oihan Sansetiň goly esasynda hasaby deňledi. Oýundan soňky penalti urgularynda-da 4–2 hasabynda üstün çykan «Atletik Bilbao» topary 40 ýyldan soň 24-nji Şa Kubogyny gazandy. Bilbao şäheriniň wekili soňky gezek 1983/84 möwsüminde kubogy eýeläp, şondan soň çykan 6 finalynda-da ýeňlişe sezewar bolupdy. «Atletik» topary Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazanmakda 31 kubokly «Barselonadan» soň 2-nji ýeri eýeleýär. Bu ugurda «Real Madrid» 20 kubok bilen 3-nji orunda barýar.