Formula 1 boýunça möwsümiň 4-nji bäsleşigi Ýaponiýanyň Suzuka şäherinde geçirildi. «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ilkinji hatardan başlap, 53 aýlawlyk ýaryşda ýeňiş gazandy. Ol 1 sagat 54 minut 23,566 sekuntda pellehana gelip, möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 57-nji ýeňşini baýram etdi. 1-nji aýlaw tamamlanmanka, kiçeňräk çaknyşyk sebäpli Daniel Rikkiardo bilen Aleksander Albonyň ýaryşdan çykan bäsleşiginde 2-nji ýeri «Red Bulluň» meksikaly piloty Serhio Peres eýeledi. Ol topardaşyndan 12,5 sekunt yza galdy. Şunlukda, möwsümiň ilkinji 4 ýaryşynyň 3-sinde «Red Bull» topary goşa üstünlik gazandy.
Ýeňijiden 20,866 sekunt soň ýaryşy tamamlan «Ferrari» toparynyň ispan sürüjisi Karlos Saýns Junior 3-nji, onuň monakoly topardaşy Şarl Lekler 4-nji orny eýeledi. «McLaren» toparynyň sürüjileri — britaniýaly Lando Norris 5-nji, awstraliýaly Oskar Piastri 8-nji, «Mercedes» toparynyň britan pilotlary — Jorj Rassell 7-nji, Lýuwis Hamilton 9-njy orna, «Aston Martin» toparynyň ispan sürüjisi Fernando Alonso 6-njy hem-de «Honda» toparynyň ýapon sürüjisi Ýuki Tsunoda 10-njy orna mynasyp boldy.