Müňýyllyklaryň ýaňy

10 Aprel 2024
491

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, gadymy Änew şäheriniň taryhyndan habar berýän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eserini okanyňda, halkymyzyň şöhratly geçmişiniň bardygyna aýdyň göz ýetirip, ata Watanymyza bolan söýgiň has-da beýgelýär. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halk köpçüligi, aýratyn-da, ýaşlar üçin gymmatyny we ähmiýetini belläp geçdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamynyň ýiti, gymmatly eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».