Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany

10 Aprel 2024
682

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda rowaçlandyrmak, sporty giň gerimde ösdürmek hemişe ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygy bolsa halkara jemgyýetçiligiň belent ykrarnamasyna eýe bolan hakykatdyr. Muňa geçen ýekşenbe gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Bütindünýä saglyk gününiň, bu sene mynasybetli tutuş hepdäniň dowamynda ýaýbaňlandyrylan medeni-sport çäreleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Her bir il bähbitli, ýurt ähmiýetli işde hemmelere nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmagy halkara baýramyň esasy wakasy bolup dabaralanyp, döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýeren dürli ýaşdaky, dürli kärdäki ildeşlerimiziň welosipedli ýörişlere agzybirlik, ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşmaklary ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty köpçülikleýin häsiýete eýe etmek babatda alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygynyň güwäsine öwrüldi. Şol gün welaýatymyzda hem ir säherden başlanan medeni-sport çäreleri — welosipedli ýörişler, ýaryşlar, aýdym-sazlar, tanslar, köpçülikleýin maşklar halkymyzyň sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza aýdylan alkyş sözlerine beslenip, ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyny ýene bir ýola äleme aýan etdi. Elbetde, biz özümiziň şeýle berkarar döwletiň bagtyýar raýatlarydygymyza buýsanmaga hemişe haklydyrys.

Aşyrberdi Gurbanow,
«Balkan».