«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

10 Aprel 2024
703

Milliligiň hem-de hereketiň sazlaşygy

Ýurdumyzda giňden dabaralanýan dürli medeni çärelerimiziň, toý-baýramçylyklarymyzyň milli röwüşli urp-adatlarymyza, däplerimize beslenmegi gadymy mirasymyza goýulýan sarpadan nyşandyr. Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillerimize wagyz etmek maksady bilen, medeniýet ulgamynda hereket edýän döredijilik toparlary hem döwrüň ruhuna laýyk işleri alyp barýarlar. Bu babatda Görogly etrap medeniýet merkezinde hereket edýän «Bedirkent» folklor tans toparynyň işi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu folklor tans toparyna Oguljan Babaýewa ýolbaşçylyk edýär. Indi birnäçe ýyllardan bäri halkyň söýgüsine mynasyp bolan bu toparyň çykyşlary halkyň milli mirasyndan, baý döredijilik dünýäsinden hem-de çeper edebiýatyň gadymy nusgalaryndan gözbaş alýar. Toparyň «Geliň, gyzlar üýşeliň!», «Diş toýy, galpak toýy», «Geliň, ak öý guralyň!» ýaly çykyşlary halk döredijilik däplerinden nusga alýar. Olarda milli däp-dessurlarymyz, halkymyzyň şahyrana dünýäsi ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Toparyň agzybir agzalarynyň hatarynda birnäçe ýyl bäri işläp gelýän halypalaryň nusgalyk göreldesi toparyň çykyşlarynyň has-da täsirli bolmagyna oňyn täsir edýär. Toparda Enejan Aşyrowa, Gurbangeldi Hallyýew, Hajy Suwhanow ýaly halypalaryň çykyşlary ýaşlara nusga bolýar. Toparda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde mynasyp işler alnyp barylýar. Birek-birekden maslahat almak, pikir alyşmak toparyň halk döredijilik çykyşlarynyň täsirli bolmagyna şert döredýär.

Gözel SEÝIDOWA,
«Daşoguz habarlary».